Bir gün ýola çykdym elim torbaly
Kempir line da otyr, elem çorbaly
Haýran galyp, gözlem gaçdy dyzyma
Garry ýaşok line öwredýä gyzyna
Ýene ýöräberdim kellämi çaýkap
Alkaş line da otyr, üsti hem añkap
Bir körpede baryp çüñke dykyldy,
Bir açkarik büdräp çukra ýykyldy.
Keselletdi adamlaryñ baryny
Narkoş etdi Marynyñ ýaryny
Kim lentada aljak bolýa aryny
Kim liçkada gözläp ýören ärini.
Çopanlaram otyr indi line da,
Bar bu artyp guda bilen gaýynda,
Moda boldy ýylyñ on iki aýynda
Bukulyp hat ýazýa gelin jaýynda
Garaz line dadyr şäher, obaly,
Hanha line da otyr dili tobaly
Öñler wichat bardy ýüzüñ tuwagy,
Indi line boldy hemmä geregi.