Seni sensizem söýerin...
Hakykatdan-da gitmek isleýän bolsaň, durmuşymdan ýitmek isleýän bolsaň, git mähribanym! Men Saňa gal diýmerin, aýaklaryňa ýykylyp ýalbarmaryn. Gitmegi ýüregiňe düwen bolsaň, git! Ýöne haýyş edýän söýgülim, asla yza dolanma!
Men unutjak bolaryn Seni, duýdansyz dörän söýgimizi. Git... Yzyňa garaman git, üns berme Sen meniň göz ýaşlaryma, olar Seniň üçin däl. Gözýaşlarym özüm üçin, Seni söýen günlerim we Seni gören gözlerim üçin! Git söýgülim, arkaýyn gez! Ýöne mende galan ähli zatlaryňy alyp git! Hehe, maddy zatlar barada aýdýandyryn öýdäýmegin! Dogry, olary-da alarsyň! Emma ýüregimde ýer eden ornuňy, kalbyma siňen söýgiňi, meni menden daşlaşdyran yşkymy alyp git;