Ýatlamalar bilen saralan ýaram,
Ýene-de şol ýatlamada öjükdi.
Ökünç bilen näçe çekseňde arman,
Ol oýanan duýgyň mende öçüpdi.
Geçen günler bilen ýakma bagrymy,
Ýene gelip göreçlermi ýaşlama.
Geçişi deý unudylsyn ähli zat,
Yza gaýdyp geçenlermi ýatlama.
Ýaňy gülüp başlan gözlerim sojap,
Öňkiden-de ýene artmasyn müýnim.
Durmuş tozan basan haltasyn dörjäp,
Geçen günlem bilen örtmesin düýnim.
Geçip giden günler agalyk edip,
Geljegi gurmana bolmasyn böwet.
Ykbalyň ýazgysyn yzyna sarap,
Geçmişi şu güne salmasyn gabat.
Indi senem gaýdyp çykma öňümden,
Menem tolgunmaýyn näderim bilmän.
Näçe kyn bolsa-da öwür yüzüňi,
Käte tötänlikden sataşan pilläň.