Ýazyjynyň sözleri bilen aýdanymyzda, söýgi hiç wagt könelmeýän duýgy, ynsan kowmunyň iň inçe, iň näzik, iň päk, ýüreklere güýç-kuwwat, ylham berýän duýgusy. Söýgi baky ýaşyl öwsüp oturan ada ýaly, uç-gyraksyz umman ýaly. Dünýäde söýginiň gudraty ýaly gudrat ýok. Dünýädäki ähli gowy zatlar söýgüden döräpdir. Ynsanyň özi hem beýik söýginiň miwesi. Söýgi bolmasa, tebigat hem ýaşap bilmez. Söýgi baky ýaňlanyp duran, hiç wagt ýitmejek aýdym, owaz, ýürekleriň baky mukamy...