Tagandurdy Hojadow
DOGAN BILEN DOGANYŇ
Derýa dek joşurdular,
Tulum dek çişirdiler,
Aklyny çaşyrdylar,
Dogan bilen doganyň.
Gaýta-gaýta gaýtalap,
Gerek bolsa pul töläp,
Gitdiler günün bulap,
Dogan bilen doganyň.
Ne kiçide pähim bar,
Ne uluda pähim bar,
Bu bolşunda wehim bar,
Dogan bilen doganyň.
Arabozar-jezasyn,
Dowzah jebri-belasyn,
Göterjekdir günäsin,
Dogan bilen doganyň.